goltuk

goltuk
1) Goluň egin bilen birleşýän ýerinin aşagy.
∙ Onuň goltugyna ýara çykypdyr.
2) Ýan bilen goluň arasyndaki boşluk, giňişlik.
∙ Men ony goltugyma alyp, doktora äkitjek boldum. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
∙ Şonda Gurt özüniň ýaraly komandiriniň goltugyna girip alyp çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
∙ Goltugymdan dökülse- gonjuma. (Nakyl)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem goltuk - goltugy.
goltukdan götermekÝardam etmek, kömek edip aýaga galdyrma, gurplandyrmak.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»